Sepleriň elýeterliligi

Tbilisi-Moskwa uçar gatnawy gaýtadan ýola goýuldy


2008-nji ýyldaky Orsýet-Gürjüstan urşundan soňky geçen döwrüň içinde şu gün ilkinji gezek Tbilisi-Moskwa aralygynda göni uçar gatnawy ýola goýuldy.

Içi ýolagcyly uçar şu gün Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiden Orsýetiň paýtagty Moskwa ugrady.

Indiki ýolagçy uçarlarynyň 9-njy hem-de 10-njy ýanwarda-da uçjakdyklary habar berilýär.

Yöne taraplar henizem diplomatik gatnaşyklary kadalaşdyrman gelýärler.
XS
SM
MD
LG