Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti korrupsiýanyň uly däldigini aýdýar


Öten agşam Owganystanyň prezidenti Hamyd Kerzeý öz hökümetiniň korrupsiýa garşy alyp barýan göreş çärelerini gorap çykyş etdi.

Ol bu mesele barada Al-Jezire telekanaly bilen söhbetdeşliginde ýurtdaky korrupsiýa problemasy barada Günbatar mediýasynyň çişirilen habarlary ýaýradýandygyny aýtdy.

Prezident Kerzeý bu meselede özüniň günbatarly liderleriň gowy baha bermegine garaşly däldigini nygtady. Ol şeýle-de 27-nji ýanwarda Londonda geçiriljek konferensiýada donor döwletlerden köp pul soramajagyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG