Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ilçisi Bakuwda optimistik çykyş etdi


Ilçi Annamämmet Mämmedow Bakuwda çykyş edýär. APA agentliginiň video ýazgysyndan. 8-nji ýanwar, 2010
Şu gün, 8-njy ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Annamämmet Mämmedow Bakuwda Türkmenistanyň energiýa syýasatyna bagyşlanan metbugat konferensiýasyny geçiridi.

Konferensiýada türkmen ilçisi Türkmenistanyň öz gazyny dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Azerbaýjanyň habar agentligininň maglumatyna görä, ilçi Annamämmet Mämmedow Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleriniň gatnaşmagynda 6-njy ýanwarda täze Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň açylyşynyň ähmiýetine-de degip geçip, Aşgabadyň Nabukko proýektine goşulmaga-da taýýardygyny belläpdir.

Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Mämmedow Baku-Aşgabat arasynda göni ýolagçy howa gatnawynyň ýola goýulmagy hakynda häzir ikitaraplaýyn gepleşikleriň alnyp barylýandygyny-da bu çykyşynda mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG