Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň milisiýa boýunça reformasy


Soňky wagtlar prežident Medwedewiň ýolbaşçylygynda Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň içeri işler bölümlerinde käbir reformalary amala aşyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Bu reformalar organlardaky korrupsiýany we eden-etdilikleri azaldyp bilermi? Orsýet boýunça amerikaly belli bilermen Mark Galeotti öz kommentariýasynda şu barada käbir pikirleri öňe sürýär.

Köp ýyllaryň dowamynda Orsýetiň milisiýasy öz biabraýlygy bilen tapawutlanyp geldi. Bu meselede ahyrsoňy Kremliň sabyr-takady gutarana meňzeýär.

Moskwanyň supermarketinde serhoş ýagdaýdaky milisiýa resmisiniň bigünä adamlara ok atmagy, YouTube internet saýtynda polisiýadaky korrupsiýanyň köpçülikleýin paş edilmegi ýaly wakalar bilen tanalan 2009-njy ýylyň ahyrynda prezident D.Medwedew düýpli kemçilikleriň soňuna çykmagyň zerurdygyna göz ýetiren bolmaly. Ýakynda, 24-nji dekabrda, ol Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň işini gowulandyrmak boýunça ýörite resmi permana gol çekdi.

Perman işe girizilip başlanansoň ýüze çykan ilkinji alamatlar bu ugurdaky ädimleriň netije berjekdigi baradaky pikirleri döretdi.

Täze perman nämeleri göz öňünde tutýar?

Medwedewiň planyna görä, Içeri işler ministrliginiň 15 sany esasy bölüminden ikisiniň ýapylmagy milisiýanyň düzümini 20 prosent töweregi kemeltmeli.

Hakykatdanam, bu pudak Sowet Soýuzy we ondan ozalky patyşalyk döwürlerinden bäri örän çişirilen býurokratik görnüşde saklanyp gelýär. Içeri işler ministrliginiň 1.4 million adamlyk ştaty hasabat ýöredijileri we dürli derejeli çinownikleri öz içine aýlar. şeýlelikde onuň san taýdan çäklendirilmegi zerur hem amatly çäre bolup görünýär.

Emma esasy mesele Içeri işler ministrliginiň san taýdan çişirilenliginde däl-de, onuň işiniň netijesizliginde. Içeri işler ministrliginiň düzüminde öz ugry boýunça iş alyp barýan milisiýa işgärlerine garanda, býurokrat çinownikleriň sany has hem agdyklyk edýär. Bu meselede Orsýet beýleki ýurtlardan has öňe saýlanýar.

1.4 million işgärden ybarat Içeri işler ministrliginde milisiýa göni gatnaşygy bolan işgärleriň sanynyň 530 000 adamdan aşmaýanlygy çak edilýär. Üstesine, Orsýetiň milisiýasynyň tehniki üpjünçiligi hem örän gowşak, iş netijesiz usulda ýöredilýär, berilýän bilimiň derejesi hem talaba laýyk gelmeýär. Ýagdaý tiz wagtda üýtgejege-de meňzänok.

Orsýetdäki reformalaryň aýratynlygy

Orsýetde başy başlanýan reformalaryň amala aşyrylmagynda käbir özboluşly aýratynlyklaryň ýüze çykmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.

Yakynda yurduň Içeri işler ministri Raşit Nurgaliýewiň aýtmagyna görä, bu Ministrligiň bolümlerinden biriniň ýapylmagy üçin Ministrligiň transport bölümi başga bir gözegçilik agentligi bilen birleşdiriler. Bu bolsa çäklendirmeleriň ministrligiň ofis işgärlerine we dokumentasiýa bölümlerine degişli bolmajakdygyny aňladýar.

Içeri işler ministrliginiň düzümini san taýdan çäklendirmek arkaly göz öňünde tutulýan maksatlardan birem bu ministrligiň işgärleriniň aýlyklaryny galdyrmak maksadydyr.

Häzirki wagt Içeri işler ministrliginde aýlyklar örän pes. Bu bolsa öz gezeginde adamlary işe almakda we işgärleriň işde uzak saklanmagynda kynçylyklary döredýär. Şeýlelikde giňden ýaýran korrupsiýa bu ministrligiň işgärler üçin girdeji çeşmesi bolup galýar.

Öz nobatynda, aýlyklary galdyrmak bilen, işgäleriň ahlak taýdan ösüşini we olaryň açyk zähmete eýermegini gazanmak göz öňünde tutulýar.

Prezidentiň permanyny durmuşa geçirmek planynyň işlenip düzülmegi üçin Içeri işler ministrligine 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli möhleti berildi. Munuň üçin žerur bolan maliýe serişdelerini bolsa, ministrligiň işgär sanyny çäklendirilmegiň hasabyna gazanmaklyk göz öňünde tutulýar.

Emma Içeri işler ministrliginiň düzümini san taýdan çäklendirmek boýunça çäreler häzirki gidişine gitse, ministrligiň işgärleriniň aýlyk haklarynyň ýakyn geljekde ýokarlanjakdygy şübheli görünýär.

Mark Galeotti Orsýet boýunça amerikaly belli bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG