Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyş maldarlary begendirýär


Türkmenistana bu ýyl gyş ýumşak geldi. Indi bir aýdan gowrak wagt bäri howanyň temperaturasy 0-dan aşak düşmeýär. Gündizlerine bolsa hatda kä günler 20 gradusa çenli maýyl bolýar.

Howanyň şeýle derejede maýylganlygy öri meýdanlarynda mal bakyp ýören maldarlar üçin gaty begendiriji boldy.

Heniz sowuk pasyl ýetip gelmänkä maldarlar gyşa öňünden gowy taýynlyk görýärler. Olar mallary üçin tutuş gyşa ýeterlik ot ýatyryp goýýarlar, haşarlary taýýarlaýarlar.

2008-nji ýylyň gazaply gyşy türkmen maldarlaryna uly sapak bolupdy. Tebigatyň beýle oýunlaryna asla garaşmadyk maldarlar ahmal galdylar. Şol ýylyň sowugy öri meýdanlarynda 30 gradusa çenli ýetdi. Bu sowukda malyny sowuga aldyrmadyk maldar bolmandy. Olaryň içinde mallarynyň 50 göteriminden ýokarysyny-da gazaply gyşa aldyranlary bolupdy.

Emma bu ýylyň gyşy maldarlara garaşylmadyk sowgat etdi diýseňem boljak. Mylaýym howanyň astynda aram-aram ýagýan ýagyşlar öri meýdanlarynda otlary bol gögertdi. Öri meýdanlaryndaka bol otlar mallar üçin ýeterlik iýmit bolup hyzmat edýär.

Gyş paslynyň şeýle ýumşak saklanmagy maldarlaryň işini ep-esli derejede ýeňledýär. Ýöne türkmen aýtmyşlaýyn, «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy hem gylyksyz». Elbetde, köpi gören tejribeli maldarlar bu zatlara oňat düşünýärler. Entäk öňde ýene gyşyň iki aýy bar.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG