Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi oppozisiýa protestleriniň basylyp ýatyrylmagyny goldaýar


Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Aly Hameneýi häkimiýetleri 27-nji dekabrda bolan hökümete garşy protestlerden soň «bozuk we pitneçi adamlara garşy öz borçlaryny ýerine ýetirmäge» çagyrdy.

Ol Kumda hökümete tarapdar adamlaryň öňünde çykyş edende «munuň her bir adam üçin soňky duýduryş bolandygyny» aýtdy.

Anna güni Kazwin şäherinde, öz websaýtynyň habaryna görä, oppozisiýa lideri Mehdi Karrubiniň bronly maşyny oka tutuldy.
XS
SM
MD
LG