Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hokgeý komandasynyň agzalaryna aýal gujaklany üçin jerime salyndy


Pakistanyň parlamenti ýurduň milli hokgeý komandasynyň agzalaryna bir aýaly gujaklandyklary üçin 2350 dollar jerime saldy.

Olar geçen aý Argentinada bolan ýaryşda bir kordinirleýji ofiser aýal bilen gujaklaşyp surata düşüpdiler.

Bir oýunçy 1175 dollar tölemeli edildi, tälimçi bilen komandanyň baştutany bolsa 588 dollar tölemeli boldy.

Olar bu surata ýaryşyň soňundaky dabaraly agşamda hoşlaşyk pursatynda düşüpdirler.

Parlamentiň sport komiteti aýal gujaklap surata düşmegiň yslam medenietine ters gelýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG