Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Owganystanda amerikan konsullygy bolmaly bina raketa tutuldy


Owganystanyň Hyrat şäherinde Birleşen Ştatlaryň konsulhanasy bolmaly bina raketa tutuldy.

Binanyň iki gatyna zyýan etdi, ýöne ölen ýa ýaraly bolan ýok.

Ýurduň günbatar zonasy boýunça polisiýa başlygy Akramudin Ýawar raketalaryň «ikisiniň jaýyň 3-nji hem 4-nji gatlaryna degendigini, üçünji raketanyň bolsa pys geçendigini» aýtdy.

Kabuldaky amerikan ilçihanasy hem bu habary tassyk edýär.
XS
SM
MD
LG