Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada howa ýaramazlaşdy


Hepdäniň ahyrynda Ýewropada howanyň gaty sowandygy habar berildi.

Germaniýada tupan turýar we häkimiýetler adamlara öýlerinde azyk hem agyz suwy alyp goýmagy tabşyrdylar.

Britaniýa soňky 30 ýylda iň erbet aýazy başdan geçirýär we ýangyç tygşytlamaga mejbur boldy.

Fransiýada düşen agyr gar otly gatnawyndaky uly gijikmelere we ýurduň günortasyndaky elektrik kesilmelerine sebäp boldy.

Ispaniýada we Portugaliýada hem sowuk howanyň ýol baglanyşyklaryna täsir ýetirndigi aýdylýar.

Lissabonda häkimiýetler iki metro stansiýasynyň öýsüzleri penalamagyny gurnadylar.

Norwegiýanyň merkezindäki Foldal obasynda sowugyň derejesi 42 gradusa ýetdi. Polşada soňky 48 sagatda sowukdan 9 adam öldi we bu ýagdaý noýabryň başyndan bäri howa bilen bagly ölen adamlaryň sanyny 139-a ýetirdi.
XS
SM
MD
LG