Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl-Müsür serhedinde täze gözegçilik enjamlary oturdylar


Düýn Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Ysraýyl bilen Müsüriň serhetleriniň belli bir böleginde täze gorag diwarlaryny gurmak we ol ýerde täze gözegçilik enjamlaryny oturtmak baradaky plana gol çekdi.

Ysraýylyň hökümeti bu çäreleriň bikanun migrantlaryň hem-de ýaragly söweşijileriň serhetden geçmek ähtimallygynyň öňüni almak üçin görülýändigini mälim etdi.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahu düýn bu barada eden çykyşynda Ysraýylyň konfliktli regionlardan bosgunlary kabul etmegini dowam etdirjekdigini, emma, beýleki tarapdan, on müňlerçe bikanun zähmet migrantlarynyň günorta serhetlerden ýurda girmeklerine welin ýol berip bilmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG