Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýadaky prezidentlik saýlawlarynyň netijesi belli boldy


Düýn Horwatiýada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri oppozision Sosial Demokratik partiýadan kandidat Iwo Ýosipowiçiň uly tapawut bilen ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Horwatiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy kanunçylyk ugrundan professor Iwo Ýosipowiçiň sesleriň 60.3 prosentine eýe bolandygyny yglan etdi. Onuň esasy bäsdeşi, Zagreb şäheriniň meri Milan Bandiç bolsa sesleriň 39.7 prosentine eýe bolupdyr.

Bu prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Iwo Ýosipowiç özüniň esasy wezipesiniň ýurtdaky korrupsiýa garşy tutanýerli göreş alyp barmak hem-de Horwatiýanyň 2012-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy üçin alnyp barylýan gepleşikleri üstünlikli tamamlamak ýaly wezipeler boljakdygyny aýtdy.

Iwo Ýosipowiç Horwatiýanyň iki gezek saýlanan prezidenti Stipe Mesiçiň ornuna geçer.
XS
SM
MD
LG