Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň prezidenti ýurtdaky Al-Kaýda agzalaryna çagyryş etdi


Düýn Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýurtdaky Al-Kaýda toparynyň agzalary zorlukly çärelerden ýüz öwrüp, öz ýaraglaryny tabşyran halatynda, olar bilen gepleşiklere girmäge taýýardygyny aýdyp, çykyş etdi.

Bu barada telewideniýede eden çykyşynda Ýemeniň prezidenti zorlukly çärelerden el çekmek islemeýän ýaragly söweşijilere garşy ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň tutanýerli çäreleri alyp barjakdygyny nygtady.

Soňky wagtlar Günbatar ýurtlary, şol sanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem Ýemeniň häkimiýetlerini bu ýurtda hereket edýän Al-Kaýdanyň söweşijilerine garşy çärelerini güýçlendirmeklige çagyryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG