Sepleriň elýeterliligi

Ärdogan Orsýete resmi sapar eder


Şu hepde Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Orsýete resmi sapar eder.

Premýer-ministriň metbugat gullugynyň bu barada ýaýradan resmi beýanatynda 12-nji we 13-nji ýanwarda gurnaljak bu saparda Rejep Taýýyp Ärdoganyň Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen iki ýurduň arasyndaky ykdysady hem-de energiýa hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy habar berilýär.

Orsýet Türkiýäniň iň esasy söwda partnýorlaryndan biri bolmagynda galýar. Türkiýäniň daşary döwletlerden satyn alýan tebigy gazynyň hem 60 prosente golaýy Orsýetiň gazy.
XS
SM
MD
LG