Sepleriň elýeterliligi

Täze ýylyň öň ýanyndaky hepdeler hem täze ýylyň başky günleri Türkmenistan uly ykdysady wakalar bilen baglanyşykly dünýäniň köp döwletleriniň ünsüni özüne çekdi. Şol ünsler diňe bir oňyn duýgulara gaplanman, aladaly garaşmalar bilenem dolduryldy.

Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň açylmagy regionda syýasy-ykdysady güýçleriň deňagramlygyny üýtgedýän esasy özgeriş hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol Aşgabada diňe bir gaz satyjy hökmünde däl, regionda esasy çözüji syýasy oýunçynyň baş rollarynyň birini berýär.

Türkmenistan Hytaý bilen dünýäniň arasynda baglanyşdyryjy halka bolmak bilen, ädimme-ädim uly güýje, kuwwata eýe bolýar.

Türkmenistan dünýäniň başga-da bir döwleti bilen ykdysady taýdan ýakynlaşmak arkaly şunuň ýaly ýene bir baglanyşdyryjy funksiýany, hyzmaty öz üstüne aldy. Ol tutuş dünýäniň üns merkezinde duran Eýrandyr.

Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň açylmagy diňe bir ykdysady däl, syýasy ähmiýete, esaslara eýedir.

Eýran bilen gatnaşyk saklaýanlygy üçin buýsanyp ýa öwnüp biljek ýurt şu günki gün barmak basyp sanaýmaly. Bu ýurduň töweregindäki dartgynly ýagdaý diňe gapdaldan synçy bolup galmazlykda Türkmenistan üçin potensial mümkinçilikleri artdyrýar.

Birleşen Ştatlar, Orsýet ýaly esasy oýunçylar Eýran meselesinde Türkmenistandan goldaw almak isleýärler.

Täze ýylyň öňünde hem soňunda Türkmenistan bilen bagly bolan möhüm wakalaryň ýene biri, uly iş - Orsýete türkmen gazynyň akyp başlamagy ýola goýuldy.

Şeýlelikde, iş ýüzünde gaz eksportynyň üçburçlugy emele geldi. Ýöne munuň bilen Türkmenistanyň inisiatiwalary tamamlanmaýar. Aşgabat şol üçburçlugy has kuwwatly konstruksiýa öwürmek üçin mümkinçilikler agtarýar.

Şol kuwwaty, mümkinçiligi Türkmenistan “Nabukko” proýektine goşulmakda görýär, şol turbadan türkmen gazy Orsýetden sowa Ýewropa akyp biler. Türkmenistanyň aktiw pozisiýasy dünýäniň esasy döwletleri tarapyndan goldaw tapýar.

Liberal reformalar


Türkmenistan üçin emele gelen bu oňyn pursatlar, goldawlar hiç bir şertsiz hem bimöhlet dowam edermi? Daşary ýurtly müşderiler häzirki dörän mümkinçlikleriň derejesinde hyzmatdaşlygyny dowam etdirip bilermi?

Şol gowy mümkinçlikleriň, ägirt uly planlaryň ýolunda iki tarapdaky režimleriň biri-birine bap ýa gabat gelmezligi keserip durmazmy? Hat-da Orsýet, Hytaý, Eýran ýaly ýurtlaram ykdysady ösüşiň hatyrasyna ýurduň içerki durmuşynda käbir liberal reformalary amala aşyrmaly bolupdylar.

Şol sanalan ýurtlaryň hökümetlerini ýeterlik derejedäki demokratik häsiýetli diýip baha bermek bolmaz. Tersine, Moskwa, Pekin hem Tähran içerki düzgüni has berkitmegiň tarapdarlary.

Eger ykdysady ösüş gazanjak bolsaň, ýurtdaky düzgüni biraz ýumşatmasaň, başga çäre ýok. Orsýet, Hytaý hem Eýran režimleri şeýle-de etdiler.

Şol ýurtlarda köpçülikleýin habar serişdeleri doly senzuranyň gözegçiliginde diýip bolmaz. Şol ýurtlaryň serhetleri doly petiklenen däl. Graždanlar ýurtdan çykybam, yzyna gelibem bilýärler.

Orsýetde we Eýranda hat-da oppozision herekete rugsat berilýär. Durmuşda belli bir derejede döwlet kontrollygyndan garaşsyz bolmak üçin şol ýurtlarda ujypsyzam bolsa, mümkinçilikler bar.

Aşgabadyň düşünmeli zady

Ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda Türkmenistan şeýle ujypsyz mümkiniçliklerden näçeräk daşda? Liberal reformalar geçirmezden, uly ykdysady programmalary, planlary doly möçberde amala aşyryp bolmaýandygyna Aşgabatda göz ýetirýärlermi?

Türkmenistanyň içerki durmuşyndaky ähli zada berk döwlet kontrollygy dowam etse, ahyrsoňy ösüş konsepsiýasy öz-özünden puja çykyp biler. Täze ýylda-da adam hukuklary bilen bagly ýagdaý ýiti sorag bolup durar.

Halkara gumanitar guramalar türkmen ýolbaşçylarynyň ykdysady inisiatiwalaryndan göwnühoş halda haýran galyp oturmakçy däl. Eger türkmen režiminde liberal ýumşaklyk peýda bolsa, Aşgabat bilen gatnaşyklary ösdürmek daşary ýurt partýorlarynyň ählisine ýeňil düşer.

Halkara jemgyýetçiligi ýurtda barybir reformalar başlanar - diýip, umyt edýär. Ýöne ýolbaşçylarda bu iş üçin wagtam az, öwrüm etmek üçin meýdanam daralýar.

Aşgabadyň her bir täze ädiminden soň, her bir inisiatiwasyndan soň, Nyýazow diktaturasynyň miras goýan köp sanly gadaganlyklaryny, çäklendirmelerini saklap galyp, Aşgabat özüni nädip dünýä açyp görkezer? - diýen sorag örboýuna galýar.

Ýalbarybam, güýç bilenem aýagy duşalan aty ýöremäge mejbur edip bilmersiň.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG