Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň başlygy hökmünde Gazagystanyň borçlary


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ÝHHG-niň baş sekretary Marc Perrin de Brichambaut bilen Astanada duşuşýar, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ÝHHG-niň baş sekretary Marc Perrin de Brichambaut bilen Astanada duşuşýar, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylyk etmek jogapkärçiligini bir ýyl möhlet bilen öz üstüne alanlygy sebäpli mundan beýläk Gazagystanyň her bir ädiminiň gözden sypdyrylman yzarlanjakdygy gizlin syr däl.

Oňa 1-nji ýanwarda bu wezipe berilmezden öňki aýlarda we hepdelerde günbatar bilermenleri hem adam hukuklary ugrunda göreşýän guramalar “Gazagystan bu wezipäni ýerine ýetirerlik derejedäki ýurt däl” diýip geldiler.

Ekspertler bu pikirlerini hem ýurduň awtoritar dolandyrylyşy we adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlygy bilen delillendirdiler. Ýöne bu kemçilikler Gazagystanyň Daşary işleri ministrligine ÝHHG-niň formal funksiýalaryna ýolbaşçylyk wezipesini ynanmazlyk üçin ýeterlik däl.

Dogrudanam, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna ýolbaşçylyk wezipesi Kanat Saudaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyň Daşary işleri ministrligine tabşyrylypdyr. Bu Ministrlik hem, aýdylyşyna görä, özüniň bu işiň hötdesinden gelýändigini görkezmek üçin elde baryny edýär.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, ÝHHG ünsüni ilkinji nobatda öz 56 sany agza döwletleriniň arasynda ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirýär. Köplenç hem bu iki aspekt, gowulyga ýa erbetlige ýorulsa-da, onuň “Üçünji sebet” diýlip tanalýan adam hukuklary böleginden ileri tutulýar.

Gazak resmileriniň garaýşy

Gazagystanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasydaky ilçisi Kaýrat Abdrahmanow 30-njy dekabrda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň “Tegelek stol” programmasyna gatnaşanda ykdysady we howpsuzlyk komponentleriniň ähmiýetini nygtady. “Bu gün biziň köplenç üns berenimiz Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň üçünji, gumanitar gerimi boldy. Bu hem düşnükli. Biz muny kabul etmeli. Ýöne biziň ýolbaşçylyk etjek guramamyz esasan howpsuzlygyň harby hem syýasy aspektlerine, ykdysady we ekologik aspektleri çözmek barada Guramanyň täsirini artdyrmak ýaly möhüm meselelere üns berip geldi. Ýolbaşçy hökmünde biziň çözmeli meselelerimiz gaty köp”.

Ýurduň resmileri öňki Sowet respublikalarynyň arasyndaky dawalary çözmäge kömek etmäge Gazagystanyň aýratyn başarnyga eýedigini aýdýarlar.

Daşary işleri ministri Sudabaýew öten noýabrda Azerbaýjanyň Trend habar agentligine beren bir interwiýusynda ÝHHG-niň ”Minsk toparynyň” howandarlygynda Daglyk Garabag konfliktini çözmek üçin alnyp barylýan gepleşiklere Guramanyň ýolbaşçysy hökmünde Gazagystanyň işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Gazak Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Ermenistan bilen Azerbaýjany gepleşik stolunyň başyna getirmek üçin ozal iki gezek – ilki 1991-nji, soň hem 1992-nji ýylda – synanyşyk etdi. Ýöne bu tagallalar netije bermedi.

Gazagystan mundan daşgary hem Gürjüstany we Orsýeti Werhniý Lars serhet geçelgesini açmaga itermek bilen bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatmaga-da goşant goşup bilýär.
XS
SM
MD
LG