Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň sudy harby pitneçileri azatlykdan mahrum etdi


Gürjüstanyň sudy bu ýurtda amala aşyrylan harby gozgalaňa gatanşan adamlary ençeme ýyl möhlet boýunça azatlykdan mahrum etdi.

Şol waka may aýynyň başynda paýtagt Tiblisiniň ýakynynda ýerleşýän Muhowani tank bazasynda bolupdy.

Şol gozgalaňa gatnaşan adamlar 3-15 ýylyň aralygynda dürli möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildiler.

Bu gozgalaň 2008-njy ýylyň awgust aýynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan çaknaşykdan soňra, prezident Sakaşwila garşy gurnalýan protestleriň yzýanyna gabat gelipdi.

Gürjüstan bu gozgalaňy Orsýetiň goldap, ony maliýeleşdirenligini öňe sürýär. Moskwa bu aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG