Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri Siriýa bardy


Eýranyň daşary işler ministri Manoçer Mottaki şu gün Siriýanyň paýtagty Damaskda bu ýurduň ýolbaşçylary, şeýle-de Palestinaniň Hamas we Liwanyň Hizbulla toparynyň liderleri bilen duşuşýar.

Siriýaly ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Mottaki bilen Siriýanyň daşary işler ministri Walid Al-Mowalim we prezidenti Başar-ul-Asediň arasynda bolan duşuşyklarda Ysraýyl bilen Palestinaniň arasyndaky dartgynlylyk we Yrakda ýakynda geçiriljek saýlawlar barada pikir alşylar.

Eýranly bir diplomatyň aýtmagyna görä, Mottaki aýratynam Hamasyň syýasy lideri Halit Maşal we Hizbulla toparynyň baş sekretary Hoseýin Al-Hajj Hassan bilen hem pikir alşar.
XS
SM
MD
LG