Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy “Ýukosyň” şikaýatyna garap başlar


Düýn Ynsan Hukuklary boýunça Strasburgadaky Ýewropa sudy şu hepde Orsýetiň ozalky Ýukos nebit kompaniýasynyň döwlete garşy bildiren şikaýatyna garap başlajakdygyny habar berdi.

Ozalky Ýukos nebit kompaniýasynyň resmileri bu kompaniýanyň 98 milliard dollarlyk ýitgi çekmeginde Orsýet döwletini aýyplaýarlar. Hususan-da, Ýukosyň resmileri bu kompaniýanyň bankrot bolmagyny Orsýetiň salgyt edarasynyň resmileri tarapyndan ýörite gurnalan ýörite çäre diýip hasaplaýarlar.

Maglumata görä, bu iş boýunça Ýewropa sudunda sud diňlenişigi şu hepdäniň penşenbe güni başlanar.

Ýukos nebit kompaniýasy 2006-njy ýylda bankrot ýagdaýyna düşdi diýlip yglan edilipdi. Bu kompaniýanyň düýbuni tutujy we onuň ozalky ýolbaşçysy Mihail Hodarkowskiý 2005-nji ýylda maliýe we salgyt galplyklarynda aýyplanylyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG