Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň hökümeti Türkiýä öz nägileligini bildirdi


Düýn Ysraýylyň hökümeti Türkiýäni öz döwlet telewidenýiesinde Ysraýylyň razwedka agentlerini masgaralaýjy teleserialy efire berýänlikde tankytlap çykyş etdi.

Hususan-da, Ysraýylyň resmileri bu teleserialda Ysraýylyň razwedka agentlerini çaga ogurlaýjylar hökmünde görkezmek bilen, Türkiýäniň özara gatnaşyklary dartgynlaşdyrýandygyny öňe sürýärler.

Düýn bu waka bilen baglanyşykly Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Danny Aýalon Türkiýäniň bu ýurtdaky ilçisini ýörite gürrüňdeşlige çagyryp, bu ýagdaýa öz nägileligini bildirdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda-da Türkiýäniň telewideniýesinde ysraýylly esgerleriň palestinli çagalary atyp öldürýändigini görkezýän filmiň efire berlendigi üçinem Ysraýyl tarapy protest bildiripdi.
XS
SM
MD
LG