Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Birleşen Arap Emirligini gynag işine gaýtadan seretmäge çagyrýar


Birleşen Ştatlar Birleşen Arap Emirliginiň häkimiýetlerini owgan erkeginiň zorlanmagynda aýyplanýan ýokary gatlak wekiliniň aklanmagyna gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Ýekşenbe güni bolan sud Şeýh Issa bin Zaed al-Naýhany owganystanly galla söwdegäri diýilýän Mohammad Şapury gynamakda bigünä hasaplady. Ýöne sudda bu iş boýunça aýyplanýan beýleki bäş adam günäli tapyldy.

Baş sudýa Şeýh Issanyň bigünädigini, sebäbi onuň 2004-nji ýylda Abu Dabiniň gündogar çöllüginde wideo düşürilen waka mahalynda «jogapkärçiliginiň az» bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG