Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý raketa gorag sistemasynyň synagyny geçirdi


Hytaý öz harbylarynyň orta uzaklykdaky raketalaryň öňüni almaga niýetlenen gorag sistemasyny synag edendigini aýdýar.

Döwlet habar gullugy bolan Sinhua synagyň üstünlikli geçendigini habar berdi, ýöne synagda uçup gelýän raketanyň urlup ýykylandygyny açyk aýmady.

Hytaý bu habary Birleşen Ştatlar Taýwana Petriot howa gorag raketalaryny satmagy tassyk edenden soň ýaýradýar.

Hytaý Taýwany öz territoriýasynyň bir bölegi hasaplaýar we Amerikanyň bu ýurda ýarag satmagyna berk garşy çykýar.
XS
SM
MD
LG