Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda garaşylýan özgeriş bolmady


Freedom House, Azatlyk öýi guramasy Türkmenistan bilen Özbegistany syýasy hem graždan azatlyklary boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda goýýar.

Azatlyk öýüniň ýyllyk hasabatynda dünýäde tapgyr dört ýyl graždan hem syýasy azatlyklarynyň derejesiniň aşak gaçýandygy aýdylýar.

Azatlyk öýi guramasynyň ylmy-barlag direktory Kris Woker Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanda Nyýazowyň ölüminden soň ownuk özgerişleriň bolandygyny, emma açyk hem adalatly saýlawlar, syýasy köp dürlülik, metbugat garaşsyzlygy ýaly sistema özgermeleriniň bolmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG