Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Hazaryň üstünden geljek türkmen gazy gerek


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso (sagda) we energiýa komissary Andris Piebalgs Ýewropanyň energiýa bazarynyň geljegi baradaky metbugat konferensiýasynda, 19-njy sentýabr, 2007-nji ýyl.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso (sagda) we energiýa komissary Andris Piebalgs Ýewropanyň energiýa bazarynyň geljegi baradaky metbugat konferensiýasynda, 19-njy sentýabr, 2007-nji ýyl.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky energiýa boýunça gatnaşyklar barada Ýewropa Komissiýasynyň energiýa boýunça komissarynyň metbugat wekili Ferran Tarradellas Espuny bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Espuny, siziň pikiriňizçe, Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyndan paý almak strategiýasy boýunça häzire çenli şowly hereket etdimi?

Ferran Tarradellas Espuny
F. T. Espuny:
Türkmenistan bilen ösdürilen we berkidilen gatnaşyklarymyz bar. Geçen döwürde Ýewrokomissiýa Türkmenistan bilen energiýa meseleleri boýunça Memoranduma gol çekişdi. Bu ylalaşyk diňe bir gaz, nebit hem-de uglewodorod önümlerini däl, energiýa boýunça infrastruktura meselelerini hem öz içine alýar.

Türkmenistany izolýasiýadaky ýurt hasaplamaýarys. Ol Hazar regionyndaky möhüm döwlet.

Biz “Günorta koridor” proýektini ýola goýup, Hazar strategiýasynyň üstünde işläp gelýäris. Bu proýekt Ýewropa bazaryna gaz satmak isleýän tebigy gaz öndürijileriň ýangyjyny Hazara getirer. Türkmenistan bolsa ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işleşmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Türkmenistanyň gaz turbalary demirgazyga, günorta we gündogara tarap gaz akdyrýar. Emma göz öňünde tutulýan Günbatar marşrutynyň öňünde Hazardaky gaz ýataklary babatda Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky düşünişmezlige esaslanýan “Transhazar” päsgelçiligi dur.

Şu ýagdaýda Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky jedeliň çözülmegine ýol açjak Hazaryň statusy babatdaky rezolýusiýanyň ýola goýulmagyna gatnaşmak ýa-da muny goldamak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň haýsydyr bir strategiýasy barmy?

F. T. Espuny: Biz bu mesele boýunça hem oňyn öňegidişlikleri gördük. Ýakynda prezident Berdimuhamedow Bakuwa zyýarat etdi we regional ýygnaklarda hem duşuşyklaryň bolandygyny gördük.

Entek çözgüde garaşýan belli meseleler bar hem bolsa, iki tarap hem bu jedele çözgüt tapmak boýunça gyzyklanma bildirýär diýip hasaplaýarys.

Biz ”Transhazar” transport sistemasynyň nähili bolup biljekdigi boýunça hem ylmy-barlaglarymyzy etdik. Turbalardan başga, suwuklandyrylan ýa-da yokary basyşdaky gazy daşamak üçin gämileri ulanmak mümkinçiligi hem bar.

Şeýlelikde, ”Transhazar” meselesini çözmek üçin dürli ýollar bar. Emma biz Bakuwdan Ýewropa gaz getirip biljek koridoryň gerekdigini görýäris. Bu usul biziň üçin birinji orunda durýar. Şol koridor ýola goýlansoň, ”Transhazar” meselesine çözgüt tapyp bileris diýip, pikir edýäris.

Azatlyk Radiosy: “Nabukko” proýektiniň gijikmegine sebäp bolan we, belki-de, mundan beýläk hem sebäp boljak problemalar barada has anyk maglumat berip bilersiňizmi?

F. T. Espuny: Men bu pikir bilen düýbünden ylalaşmaýaryn. Tersine, gaz geçirijiler boýunça programmamyza seredenimizde, diňe Alžirden gelýän turbalar diýmeseň, beýlekileriň arasynda iň çalt öňegidişlik gazanylan proýekt “Nabukko” boldy.

Türkiýäniň territoriýasyndan gaz geçirmek boýunça Türkiýe bilen döwletara ylalaşygymyz bar. Geçen ýyl Ankarada gol çekişilen şol ylalaşyk Ýewrokomissiýa üçin örän möhüm boldy. Hatda 2009 we 2010-njy ýylda “Nabukko” üçin 200 million ýewro sarp etmek wada berildi.

Bular ýakynda proýektiň başlanjakdygyny aňladýar. Bazary öwrenmek boýunça barlaglar dowam edýär. Ähtimal gaz iberijiler kän. Şeýlelikde gaz geçirijileriň kartasynda “Nabukko” iň çalt barýan proýektdir.

Azatlyk Radiosy: Hytaýyň Türkmenistandan gaz import etmek strategiýasyna seredenimizde, Pekin öz turbalarynyň gaz bilen doldurylmagyny aňsatlaşdyrjak gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin Türkmenistanda bu ugurdan gönümel ýa-da gytaklaýyn maýa goýýar.

Şu ýagdaýda “Nabukko” turbalarynyň gaz bilen üpjün edilmegi boýunça Ýewropa hem öz kompaniýalaryň üsti bilen gaz ýataklaryna maýa goýmaga başlady diýip, aýdyp bolarmy?

F. T. Espuny: Biz Ýewropa Bileleşigindäki erkin bazar düşünjesine ynanýarys. Şol sebäpli gaz öndürijiler bilen gerekli ylalaşyklary gazanmak hem-de täze gaz geçirijileri özleşdirmek we infrastrukturanyň ýola goýulmagy boýunça tejribe paýlaşmak kompaniýalaryň öz işi.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewrokomissiýa hem regiondaky gaz öndürijiler bolan Türkmenistan, Gazagystan, Yrak ýa-da beýleki isleg bildirýänler üçin ”Hazar ösüş korporasiýasynyň” üsti bilen Ýewropa bazaryny has özüne çekiji ýagdaýa getirmek boýunça işjeň hereket edilýär. Bu bolsa degişli ýurtlaryň bir nokatdan gaz satyp bilmeklerini üpjün etjek çeşme bolar.

Azatlyk Radiosy: “Bil baglap bolmaýandygy” aýdylýan rus turbalaryndan gelýän gaza alternatiw boljak Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen akjak türkmen gazyny Ýewropa import edermi?

F. T. Espuny: Biz häzirki wagtda bu ýoly göz öňüne tutmaýarys. Biziň üçin türkmen gazyny import etmek boýunça makul ýol – Baku bilen Hazardaky türkmen portlarynyň arasyndaky geçirijilerden gaz akdyrjak “Nabukko” bolar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, häzire çenli “Nabukko” proýekti boýunça Eýran göz öňünde tutulanok.

F. T. Espuny: Ýok. Munuň zerurlygy hem ýok, şol sebäpden göz öňünde-de tutamzok.
XS
SM
MD
LG