Sepleriň elýeterliligi

Gowy taraplary hakda pikir edeniňde tebigy gazyň belli bahasy ýok. Gazyň güýji bilen öýler ýylap dur. Adamlar odun daşamak aladasyndan dynç. Gazyň güýji bilen zawod-fabrikler işläp dur. Naharlar minnetsiz bişip dur. Ýöne gaz bilen işlemegi başarmasaň, ol durşy bilen betbagtçylyk.

Türkmenistanyň oba-şäherlerinde tebigy gaz sebäpli ot alýan öýler köp. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagynda günäkärler kim?

Gaz edarasynyň işgärleri hemmeleriň işde wagtynda, halka hiç hili duýdurmazdan, gazy öçürýärler. Nirededir bir ýerde profilaktika işlerini geçirýärler. Öz işlerini bitirenlerinden soň bolsa, ýene ilata duýdurmazdan, gazy goýberýärler. Türkmenleriň köpüsem elde ýasalan demir peçleri ulanýarlar. Öýleri bug bilen ýyladýan peçleri edinmek hemmelere başartmaýar. Elde ýasalýan türkmen peçlerinden bolsa gaz daşyna syzyp durýar. Peç ýanyp durka gaz edarasynyň işgärleri tarapyndan duýdansyz öçürilýän gaz heniz peç sowap ýetişmänkä ýene öýlere berilýär. Ine, şeýle ýagdaýda ot alýan öýleriň bäri-aňyrsy ýok.

Gyş aýlarynda gaz edarasynyň işgärleri gazy halka duýdurmazdan, birden güýçlendiribem goýberýärler. Gaz güýçlendirme, näme üçindir mydama gijäniň ýaryndan soň—adamlaryň ukuda wagty bolýar. Gaz edarasynyň işgärleriniň gazy näme üçin gijelerine köpeldýänini olaryň özi biläýmese, başga bilýän adam ýok. Hut bilgeşleýin edilýän ýaly. Gazyň gijelerine güýçlendirilmegi netijesinde-de ýanýan öýler örän kän bolýar.

Gaz edarasy häkimiýetleri günäkärleýär

Gaz edarasynyň işgärleri özleriniň gazy peseltmek hem köpeltmek, duýdansyz öçürip-ýakmak işleriniň netijesinde ýangynyň döreýänligi üçin häkimlikleri günäkärleýärler. «Biz gazy öçürjekdigimizi ýa-da köpeltjekdigimizi, bu barada ilaty habardar etmegi häkimliklere duýdurýarys. Ýöne häkimligiň işgärleri ýagdaýy ilata habar bermeýärler» diýip, gaz edarasynyň işgärleri gaz sebäpli ýüze çykýan betbagtçylyklarda özleriniň günäsiniň ýokdugyny aýdýarlar.

Gaz edaralarynyň işgärleri tarapyndan ilata duýdurylman gaz öçürilip-ýakylanda başga-da ýüze çykýan betbagtçylyklar köp. Şäher içindäki etaž jaýlarda gyşyna ýyladyş sistemasy gowy işlemeýär. Bu ýagdaý sowet döwründen galan kesel. Öýler sowuk bolansoň, adamlar öýdäki gaz plitany gije-gündiz ýakyp goýýarlar. Gije, adamlaryň ukuda wagty gaz edaralarynyň işgärleri tarapyndan öçürilip-ýakylyp durlan gaz öçürilmän goýulýan gaz plitalardan syzyp, öýüň ýaşaýjylarynyň gaz tutmadan, gazdan zäherlenmeden köpçülikleýin ýogalýan halatlaryna eltýän wagtlaram az bolanok. Şeýle ýagdaýda diňe bir gaz plitasynyň gözlerini açyp ýatýan öýüň ýaşaýjylary däl, eýsem olardan ýokarky hem aşaky gatda ýaşaýan goňşularyň hem gazdan zäherlenip ýogalýan halatlary-da gabat gelýär.

Gaz meselesine şeýle geleňsiz seredilýän halatynda ýangyn söndürijiler edarasyndan gelip, ilata: «Öýüm ot alan halatynda özüm günäkär. Eger öýüm ot alaýsa, men hökümetden jaý soramaryn. Munuň-da üstesine, öýümiň ýananlygy üçin jerime tölärin» diýlen ýazgylar ýazylan şertnama gol çekdirip gidýärler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG