Sepleriň elýeterliligi

Yrak urşy barada britan resmisi hasabat berdi


Düýn garaşsyz Komissiýanyň öňünde hasabat bilen çykyş eden Britaniýanyň ozalky premýer-ministriniň metbugat sekretary Alastair Kampbell 2003-nji ýylyň martynda Yraga garşy başlanan harby operasiýanyň ýerlikli operasiýa bolandygyny nygtady.

Alastair Kampbell şol döwürde Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Tonni Bleýeriň metbugat sekretary hem-de aragatnaşyk bölüminiň direktory bolup işleýärdi.

Alastair Kampbell Birleşen Ştatlaryň öňbaşçylygynda Saddam Husseýniň režimini agdarmak maksady bilen amala aşyrylan bu harby operasiýanyň soňra garaşylmadyk ganly netijelere getirendigine garamazdan, Yrakda gazanylan netijeler babatynda Britaniýanyň birjik-de ikirjiňlenmän, buýsanmalydygyny belledi.

Yrak urşuna baha bermek maksady bilen Britaniýada döredilen bu garaşsyz Komissiýanyň öňünde ýakyn wagtlarda ýurduň ozalky premýer-ministri Tonni Bleýer hem hasabat bilen çykyş äder.
XS
SM
MD
LG