Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda gaz turbasy partladyldy


Düýn giçlik Orsýetiň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan bomba partlamasynda esasy gaz geçiriji truboprowodlardan birine zeper ýetdi.

«Roýter» habar agentligi Gazprom kompaniýasynyň regiondaky bir resmisiniň sözlerine salgylanmak bilen, Mozdok-Kazymagomed truboprowodynyň ugrunda amala aşyrylan bu partlamanyň regionyň gaz üpjünçiliginde çynlakaý bir bökdençlik döretmejekdigini habar berýär.

Dagystandaky bu soňky partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG