Sepleriň elýeterliligi

Moldow resmisi milli diliň adyny üýtgetmek isleýär


Düýn Moldowanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihaý Ghimpu ýurduň milli diliniň «moldow dili» diýlip atlandyrylman, «rumyn dili» diýlip atlandyrylmalydygyny aýtdy.

Ikinji Jahan urşundan öň öz territoriýasynyň aglaba bölegi Rumyniýa degişli bolan häzirki Moldowanyň ilatynyň dili rumyn dilinden asla tapawutlanmaýar.

Döwlet telewideniýesinde bu barada eden çykyşynda prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihaý Ghimpu Konstitusiýa giriziljek täze üýtgetmelerde moldow diliniň «rumyn dili» diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy.

Emma onuň syýasy koalisiýasyndaky tanymal syýasatçylardan biri Marian Lupu jenap Ghimpunyň bu meseläni bir özüniň çözmeli däldigini we meseläniň referendum arkaly çözülmelidigini aýdyp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG