Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi


Düýn Türkmenistanda Gökdepe tragediýasynyň ýyl dönümine gabatlanylyp, Hatyra güni bellenilip geçildi.

Düýn bu Hatyra gününde, adat bolşy ýaly, Gökdepe tragediýasynyň pidalary bilen birlikde, watan ugrunda jan beren beýleki türkmenistanlylaryň hem hatyrasyna bagyşlanylyp ýörite hatyra çäreleri geçirildi.

1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe söweşiniň bolan ýerinde, ýagny, Gökdepe galasynyň golaýynda gurlan Saparmyrat Hajy adyndaky metjitde düýn uly gerimde hatyra çäresi gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de hökümet agzalary, Parlamentiň deputatlary we daşary ýurtly diplomatlar hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG