Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdoganyň Moskwa sapary we täze strategiki ýaranlyk


Orsýet bilen Türkiýe köp babatlarda tebigy hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Bularyň ikisi-de özüni Günbatar tarapdan äsgerilmeýän döwlet hasaplaýarlar. Ikisi-de beýik imperiýa bolan döwürleriniň geçmiş şöhratyny küýseýärler. Iki ýurdy-da öňki güýç-gudraty wada edýän hökümetler dolandyrýar.

Rejep Taýyp Ärdoganyň ors premýer-ministeri Putin we prezident Medwedew bilen duşuşygynda resmi taýdan gün tertibinde duran mesele durnuksyz Günorta Kawkaz regiony we energiýa hyzmatdaşlygy.

Ýöne ýagdaýa giňişleýin göz aýlanyňda Ärdoganyň sapary ençeme asyrlyk konfliktden soň Moskwa bilen Ankaranyň arasynda soňky ýyllarda döräp ugran dostlukly gatnaşyklaryň güýjemegini aňladýar.

“Arada meňzeşlikler bar. Bularyň ikisi-de Ýewraziýa ýurdy. Ikisi-de dünýäniň uly işleriniň çözgüdinden gyrakladylan. Ikisi-de häzir Waşington bilen gatnaşygyny täzeden gözden geçirip ýör” diýip, Waşingtonda ýerleşýän Strategik we halkara barlaglary merkeziniň Türkiýe boýunça proýektiniň direktory Bülent Alireza aýdýar.

Ýaňy ösüp gelýän ors-türk gatnaşyklary doly güýjündäki ýaranlyga öwrüler diýip Günbataryň edýän gorkusyny analizçiler ret edýärler. Ýöne synçylar; “NATO-nyň möhüm ýarany Türkiýäniň Günbataryň diýeninden çykman gezen döwri indi uzaga çekmez” diýýärler.

Türkiýe ýoluny üýtgedýärmi?

“Köp adamlar ençeme ýyllap Türkiýe Birleşen Ştatlaryň, Ýewropanyň, NATO-nyň islän syýasy ugrundan ýörär diýen pikirden ugur alyp geldiler. Günbatar üçin problemaly tarapy bu pikiriň indi nädogrydygy. Türkiýe indi has garaşsyz ugry yzarlaýar. Özi üçin bir bähbidiň bardygyny görmese, Ankaranyň Waşingtonyň islänini edesi ýok” diýip, Orsýet boýunça ekspert Nikolas Gwosdew aýdýar.

Muny hem ýaňy awgust aýynda Putin Ankara baranda Türkiýäniň Gara deňizde öz territorial suwlaryndan peýdalanmaga ”Gazproma” rugsat bermegi hemmelere äşgär etdi.

Ýöne gatnaşyklar energiýa we söwda çäginden aňryk geçýär. Türkiýäniň öten güýz Ermenistan bilen gatnaşyklaryny täzeden dikeltmek ugrunda ilkinji ädimi ätmeginde esasy roly oýnap, bu işi aňsatlaşdyran Moskwa boldy.

Orsýet Türkiýäniň Günorta Kawkaza aralaşmagyna garşy bolup duranok. Muny ”Halkara krizis toparynyň” Bakuwdaky býurosynyň direktory Tabib Huseýnow şeýle düşündirýär: “Bu Orsýet üçin Ýewropa we Amerikanyň täsirini Günorta Kawkazdan gysyp çykarmak strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Moskwa Türkiýäniň barha artýan rolunyň regionda Ýewropanyň we Amerikanyň täsirini deňagramlaşdyryjy güýje öwrülmegini isleýär”.

Eýran barada hem Orsýet bilen Türkiýäniň tutumy utgaşýar. Bularyň ikisi-de Waşingtonyň Yslam respublikasy baradaky berk liniýasyna garşy.

“Türkiýe Orta Gündogarda güýjüniň artmagyny isleýär. Orsýetiň-de islegi şol. Türkiýäniň Orta Gündogar baradaky tutumy, aýratyn-da häzirki hökümetiň tutumy, Waşingtonyň liniýasyna ters. Bu-da Orsýetiň tutumyna deň gelýär” diýip, “Hürriýet” gazetiniň Ystambuldaky habarçysy Taýlan Bilgiç belleýär.
XS
SM
MD
LG