Sepleriň elýeterliligi

Tähran alymyň ölüminde Ysraýyl bilen Amerikany aýyplaýar


Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larijani eýranly alymyň ölüminiň aňyrsynda Birleşen Ştatlary bilen Ysraýylyň aňtaw gulluklarynyň rolunyň bardygy baradaky aýyplamasyny ýene bir gezek gaýtalady.

Eýranyň ýadro meseleleri boýunça öňki wekili bolan Larijani şol alymyň ölümi bilen bagly sebäpleri goldamak arkaly Amerikanyň prezidenti Barak Obamanyň hem terrorçylygy goldaýanlygyny aýtdy.

Sişenbe güni Tähranda bolan bomba partlamasynyň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz boýnuna almady.

Şol partlamada alym Massod Mohammadi heläk bolupdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti bu aýyplamalary ret etdi.

Tähran Amerika bilen Ysraýyly ýurtda bulagaýçylygy öjükdirmäge synanyşýanlykda yzygiderli aýyplap gelýär.
XS
SM
MD
LG