Sepleriň elýeterliligi

Klinton Eýranda tussag edilen zenanlaryň azat edilmegini talap etdi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýranda iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soňra başlanan protestlerde çagalary ölen ýa dereksiz ýitirim bolan maşgalalardan ybarat “Ýas tutýan eneler” atly toparyň tussag edilen agzalarynyň derhal azat edilmegini talap etdi.

Klinton tarapyndan ýaýradylan beýanatdam, 9-njy ýanwarda Tähranda geçirilen çärä gatnaşan şol toparyň agzalarynyň Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylmaga synanşylanlygy we olardan ençemesiniň tussag edilenligi aýdylýar.

Şol beýanatda aýratynam ady agzalýan zenanlaryň ähliumumy haklaryndan peýdalanyp, parahatçylykly ýagdaýda protest gurnanlygy we olaryň öz ýolbaşçylaryndan bu mesele boýunça diňe jogapkärçilikli çemeleşmegini talap edenligi aýdylýar.

Klinton tarapyndan ýaýradylan beýanatda, eger Tähran halkara jemgyýetçiligi tarapyndan özüne hormat edilmegini isleýän bolsa, onda ol öz ilatynyň hak-hukugyna sarpa goýmaly diýilýär.
XS
SM
MD
LG