Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2009-njy ýylda Owganystanda 2400 töweregi parahat ilat heläk boldy


BMG-niň maglumatyna görä, 2009-njy ýylyň dowamynda söweşijiler we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurtly harbylar tarapyndan amala aşyrylan çärelerde 2400 töweregi parahat ilat heläk bolupdyr.

BMG-niň wekiliniň aýtmagyna görä, bu 2008-nji ýylda heläk bolan adamlaryň sany bilen deňeşdirilende, dartgynlylykda ölen parahat ilatyň sanynyň geçen ýyl 14 prosent artanlygyny aňladýar.

2008-njy ýylda dürli çaknyşyklarda ölen adamlaryň sany 2118 diýlip mälim edilipdi.

BMG tarapyndan şu gün ýaýradylan raportda aýdylşyna görä, olardan 1630-synyň ölümine söweşijiler sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG