Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl diplomatik krizis boýunça Ankaradan ötünç soramaýar


Ysraýyl Türkiýe bilen arasynda dowam edýän dartgynlygy köşeşdirmäge synanyşýar, emma Ankaradan edilýän talaba laýyklykda, ol bu ýurtdan ötünç soramajakdygyny aýdýar.

Bu dartgynlylyk duşenbe güni iki ýurduň diplomatlarynyň arasynda bolan duşuşykda başlady.

Ankara şol duşuşykda Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisini kemsidenligini aýdýar.

Ady agzalýan ysraýylly wekil Danny Aýalon türk telekanalynda görkezilen bir teleseriýal bilen bagly protest etmek üçin türk ilçisini ministrlige çagyrypdy.

Şol seriýalda Ysraýylyň aňtaw gullugynyň bir işgäri wagşy hökmünde görkezilýär. Ysraýylly ýolbaşçy bu herekete jogap hökmünde Türkiýäniň ilçisini öz edarasyna çagyryp, ony özünden pes ýerde oturtdy hem ilçi bilen elleşip görüşmedi.

Ysraýylyň premýer ministri Benjamin Netenýahu Aýalonuň bu baradaky şikaýatynyň dogrudygyny aýdyp, bu protest diplomatik usullara gabat gelýän äheňde beýan edilmelidi diýdi.
XS
SM
MD
LG