Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň resmisi giňemäniň tarapyny çaldy


Çehiýanyň öňki diplomaty hem-de Ýewropa ministri Stefan Fule.

Çehiýanyň öňki diplomaty hem-de Ýewropa ministri Stefan Fule.

Çehiýanyň öňki diplomaty hem-de Ýewropa ministri Stefan Fule Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat baradaky ýokary derejeli täze wekili Katerin Aştonyň ýolbaşçylygynda iş alyp barjak adam.

Häzir Ýewropa Bileleşiginde agdyklyk edýän garaýyş onuň serhetleriniň ahyrsoňy nirä baryp direjekdigi barada entek belli bir karara gelinmänligi.

Ýakyn geljekde Bileleşige goşulmak mümkinçiligi bar ýurtlar diňe Günbatar Balkan ýurtlary. Türkiýe hem agzalyga kandidat döwletleriň biri, ýöne agzalyk meselesinde onuň Fransiýanyň we Germaniýanyň ýowuz garşylygyna uçramagy mümkin.

Diňlenişikde Fule öz watany Çeh Respublikasyny mysal edinip, giňemäniň tarapyny çaldy: “Meniň pikirimçe, giňeme diňe bir syýasy portfel däl. Ol meniň ýurdumy özgertdi, meniň öz durmuşymy özgertdi. Ol tutuş Ýewropany özgertdi. Ol millionlarça adama umyt berip, olaryň mertebesini beýgeltdi. Täzeden birleşmegiň näme üçin dowam etmelidigine meniň ynanýanlygymyň sebäbi şu”.

Stefan Fule Ýewropa Bileleşiginde giňden tanalýan adam däl. Ýöne ol üç sagada çeken diňlenişikde Ýewropa delegatlarynyň soraglaryna ynamly jogap bermek bilen adamlarda oňat täsir galdyrdy.

Fule nämelere üns bermekçi?

Fuläniň pikiriçe, Günbatar Balkan ýurtlarynyň üstünlikli integrirlenmegi Ýewropa Bileleşiginiň durnuklylygy üçin aşa ähmiýetli: “Öňümizdäki ýyllarda meniň üns berjegim şu, Balkanlar, şeýle hem Günbatar Balkanlarda hiç bir ýurdy ünssüz galdyrmazlyk howpsuzlygy artdyrar”.

Fule Horwatiýa, Makedoniýa, Serbiýa, Bosniýa, Albaniýa, belki-de Kosowonyň hem Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny tizleşdirmek üçin özüniň tutuş Bileleşikde syýasatçylar bilen hyzmadaşlyk etjekdigini nygtady.

Ol Türkiýe barada hem “aýratyn partnýorlyk” diýilýäni açyk ret edip, bu ýurt bilen häzir alnyp barylýan gepleşikleriň doly agzalyk baradadygyny belledi.

Katerin Aşton duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň gündogar goňşularynyň - Ukrainanyň, Moldowanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň, Ermenistanyň - agzalyk mümkinçiligi barada hiç bir zat aýtmady. Fule hem “düýpli gatnaşyklardan”, “içgin gepleşiklerden” gürrüň etse-de, bu soraga göni jogap bermekden saklandy.

Orsýetiň regiona eýeçilik arzuwlary hakda durup geçmek bilen Fuläniň Gündogar Ýewropa paýtagtlaryny biynjalyk eden bolmagy mümkin: “Meniň pikirimçe, Gündogar Ýewropanyň her bir ýurdunyň geljegi olaryň Ýewropa Bileleşigine we Orsýete ýakynlaşmagyna bagly. Men bu ýerde bir problema ýa-da gapma-garşylyk göremok. Meniň garaýşymça, bu ýurtlaryň ýa Ýewropa Bileleşigi ýa-da Orsýet bilen gowy gatnaşykda bolmagy hökmany däl”.
XS
SM
MD
LG