Sepleriň elýeterliligi

Gaitide gumanitar betbagtçylyk ýüze çykdy


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Gaitidäki güýçli ýer yranmada ejir çekenlere Birleşen Ştatlaryň hertaraplaýyn goldaw berjekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Hepdäniň sişenbe güni Gaitiniň paýtagtynda ýüz beren 7 ball güýjündäki ýer yranmasy şäheriň aglaba bölegini weýran etdi.

Ýurduň premýer-ministri Ýan-Maks Belleriwe habar agentliklerine beren interwýusynda bu tebigy betbagtçylykda ölen adamlaryň sanynyň 100 müňden hem geçýän bolmagy mümkin diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Birleşen Milletler guramasy hem bu ýurtdaky işgärlerinden 14-siniň ölüp, 56-synyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muun Gaitidäki ýer yranmadan soňky emele gelen ýagdaýy «ägirt uly gumanitar betbagtçylyk» diýip häsiýetlendirdi.

Dünýäniň dürli ýurtlary Gaitidäki halas ediş işlerine ýardam bermek üçin ýörite toparlary we gumanitar ýardamlary ugradyp başladylar.
XS
SM
MD
LG