Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl Türkiýeden ötünç sorady


Düýn Ysraýylyň hökümeti şu hepde Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisine gödek daralandygy üçin Türkiýeden ötünç sorady.

Bu barada ýaýradan resmi beýanatynda Ysraýylyň hökümeti özüniň bu ýüzlenmesiniň iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň soňlanmagyna ýardam etjekdigine umyt bildirýändigini mälim edipdir.

Şu hepdäniň başynda Türkiýäniň telewideniýesinde Ysraýylyň razwedka agentlerini ýaramaz tarapdan suratlandyrýan bir filmiň efire berilmegine nägilelik bildirip, Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Danny Aýalon Türkiýäniň ilçisini gepleşige çagyryp, ondan düşündiriş talap edipdi.

Öz gezeginde, Türkiýe hem muňa protest bildirip, Ysraýylyň öz bu hereketi üçin ötünç soramagyny talap etdi.
XS
SM
MD
LG