Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde oppozisiýa wekilleri açlyk çekýärler


Düýn Gyrgyzstanyň oppozisiýa aktiwistlerinden dokuzysy Bişkek şäheriniň merkezinde palatkalary dikip, ýurtdaky syýasy azatlyklaryň çäklendirilmegine hem-de şu hepde bir oppozision syýasatçynyň türmä basylmagyna protest bildirip, açlyk çekmäge başladylar.

Şu hepdäniň başynda Gyrgyzstanyň harby tribunaly ýurduň ozalky goranmak ministri, oppozision syýasatçy Ysmail Isakowy korrupsiýada aýyplap, ony 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Oppozisiýanyň käbir aktiwistleri munuň syýasy matlaplara esaslanýan çäredigini aýdýarlar.

Şeýle hem, şu hepde ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji Freedom House guramasy öz ýaýradan hasabatynda Gyrgyzstany syýasy taýdan «azat däl» ýurtlaryň toparyna goşup, bu ýurtdaky syýasy azatlygyň ýagdaýynyň pese düşýändigini belläpdir.
XS
SM
MD
LG