Sepleriň elýeterliligi

Gazak ýerleri hytaýlylara berlermi?


Gazagystan Hytaýa bir million gektar ýeri kärendesine bermek isleýär. Sebäbi Gazagystanda boş ýatan ýer, Hytaýda bolsa ol ýer üçin ýatyrmaga maýa hem adam resurslary bar.

Ýöne gazak intellektuallarynyň bir bölegi bu pikire garşy çykýar. Olar hytaýlylaryň gazak ýerini zaýalajagyny, galyberse-de bu proýektiň uzagyndan sebite demografiki howp saljagyny aýdýarlar. Biz bu mesele barada Azatlyk Radiosynyň gazak gullugynyň žurnalisti Ýeržan Karabek bilen söhbetdeşlik guradyk. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban alyp bardy.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan, ozaly bu pikiriň döreýşiniň sebäbi ýa sebäpleri barada gürrüň etsek. Bir million gektar gazak ýerini Hataýa kärendä bermek ideýasy nähili döredi?


Ýeržan Karabek: Umuman alnanda, ýagdaý şeýle. Gazagystanyň ykdysadyýetinde esasy çig mal pudaklary, girdejili pudaklar hususylaşdyrylan ýa-da döwletiň milli kompaniýalarynyň ygtyýaryna, ýa bolmasa, daşary ýurt kompaniýalarynyň ygtyýaryna berlen. Ýagny, olar ol ýa-da beýleki görnüşde korrupsiýanyň obýekti, gazak emeldarlarynyň girdeji çeşmesi bolup durýar. Onsoň Gazagystanyň ykdysadyýetinde şu hususylaşdyrma işinden, girdeji almakdan diňe oba hojalygy daşarda galdy. Gazagystanyň oba hojalygy garaşsyzlyk ýyllarynda aşak gaçdy. Ýogsa, Gazagystanda millionlarça gektar ekerançylyk ýerleri bar. Bu ýerleriň köp bölegi häzir ykdysady dolanyşyga girenok we boş ýatyr.

Ýadyňyzda bolsa, Gazagystan sowet döwründe sowet respublikalaryna uly mukdarda maldarçylyk önümlerini ibererdi, sowet propagandasy Gazagystanyň döwlete bir milliard put galla tabşyrýandygyny wagyz ederdi. Bir söz bilen aýdylanda, şol wagtky ullakan we kuwwatly oba hojalygy häzir weýran bolup ýatyr. Bu pudaga hiç kim çynlakaý maýa ýatyrmaýar. Hususy kompaniýalar döwlet tabşyryklary boýunça galla önümini öndürýär. Ýöne bu ýer hem korrupsiýanyň öýjügi bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan, görnüşine görä, gazak hökümeti Hytaýyň adam güýji bilen boş ýatan ýerleri ykdysady dolanyşyga girizmekçi. Bu ideýa häzir nähili ýagdaýda, ýagny ol haçanrak öňe sürüldi we häzir näderejede çynlakaý hasaplanylýar?

Ýeržan Karabek:
Gazak hökümeti iki ýyl mundan öň millionlap gektar ýeriň boş ýatandygy baradaky meseläni galdyrdy we ol ýerlere hem zawodlara, nebit ýataklaryna çemeleşilişi ýaly çemeleşmegiň gerekdigini aýtdy. Ýagny, gazak döwletinde, daýhanlarda oba hojalygyny dikeltmäge serişde hem mümkinçilik ýok bolsa, onda daşary ýurtly maýadarlary çagyrmaly diýdi. Bu ideýa Gazagystanda garjaşyk pikirleri döretdi.

Dogrudanam, daýhanlaryň mümkinçiligi az. Ýöne oba hojalygyny dikeltmek islese, Gazagystanyň döwletiniň ummasyz uly serişdesi, mümkinçilikleri bar. Emma prezident Nazarbaýew täze paýtagt gurdy we milliardlap dollarlar Astananyň gurluşygyna gitdi, millardlap dollarlar ogurlandy ýa-da korrupsiýanyň obýekti boldy. Şeýlelikde döwlet oba hojalygyny öz içki serişdeleriniň hasabyna dikeltmegiň ýerine köne düzgüne, öňküje daşary ýurt maýasyny çekmek usulyna gol ýapýar. Bu bolsa korrupsiýanyň täze bir tolkunynyň gelýändigini aňladýar we gazak intellektullary muňa garşy çykýarlar. Ýöne bu protest örän gowşak.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan, intellektuallar bu ideýa garşy nähili delil getirýärler?

Ýeržan Karabek: Olar esasan emosional şygarlary öňe sürýärler. Ýer meselesi bilen oppozisiýanyň diňe bir bölegi meşgullanýar. Şoň ýaly-da bu mesele bilen gazak milli demokratik guramalary, gazak jemgyýetçilik guramalary meşgullanýar. Olar watançylyk ideýalaryny, gazak milli aýratynlygy baradaky pikirleri öňe sürýärler. Özem olar demokratiki oppozisiýadan çeke durýarlar. Olar, adatça, liberal oppozisiýanyň hereketlerine goşulmaýarlar. Gazagystanda oppozisiýanyň iki görnüşi bar: Günbatara tarapdar, liberal demokrtik häsiýetli we gazak jemgyýetçilik guramalary. Olar esasan «bu ýer bize atalarymyzdan miras galdy, ol gan dökülip goralan ýer, biz ol ýeri Hytaýyň eýelemegine ýol bermeris» diýen ýaly duýguçyl zatlary aýdýarlar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň protesti Hytaýa gönükdirilen we bu sebitde öňden gelýän antihytaý duýgulara, Hytaýy halamazlyga esaslanýar. Ýogsam bolmasa, Hytaý Gazagystanyň ägirt uly goňşusy bolup durýar. Emma Gazagystanyň döwleti diňe Hytaýy çagyrmak islemeýär, käbir Ýewropa ýurtlaryny hem bu proýekte goşulmaga çagyrmak isleýär. Eger anyk aýtmaly bolsa, Gazagystan daşary ýurtly kärendeçilere 3.5 million gektar ýer bermekçi bolýar. Hytaýa bolsa bir million gektar ýer bermekçi bolýarlar. Bu barada ilki prezident Nazarbaýew aýtdy, ýagny ol Hytaýyň soýa hem raps ekmek üçin bir million gektar gazak ýerini kärendesine almak isleýändigini habar berdi. Eger deňeşdirilse, bir million gektar ýer diýmek Gyrgyzystanyň ýarysy diýmek bolýar. Gazagystan bolsa 3.5 million gektar ýeri daşary ýurt kompaniýalaryna kärendesine bermek isleýär. Bu Gyrgyzystanyň iki essesi ýaly ýer bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan, bu ideýanyň opponentleriniň käbiri onuň Hytaýdan abanýan demografiki howpy has güýçlendirjegini aýdýar. Siz bu pikire nähili garaýarsyňyz?

Ýeržan Karabek: Hawa, men bu ýagdaý Merkezi Aziýa sebitine täsir ýetirer diýip, pikir edýärin. Ýöne bu ýerde ykdysady sebäp hem bar. Hytaý, belli bolşy ýaly, çalt ösýär. Oňa täze we täze serişdeler gerek. Oňa türkmen gazyndan, gazak nebitinden başga azyk hem gerek. Hytaý bazarynda soýa bilen rapsa bolan talap gaty çalt ösýär. Onsoň bu ideýa şu ýerden gelip çykdy.

Gazak hökümeti Hytaýyň soýa bilen rapsy barybir başga ýurtlardan, Afrikadan, Orta Gündogardan satyn alýandygyny aýdýar we oňa bu önümleri Gazagystandan alamagyň has amatly boljagyny öňe sürýär. Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi bolsa bizde bu ekerançylyk ýerleriniň infrastrukturasyny dikeltmek üçin pul ýok diýýär. Sowet döwründe sowet maýasy bilen gurlan kanallar we beýleki suw desgalary häzir weýran bolup ýatyr. Hytaý bolsa bu zatlara maýa ýatyrmaga taýýardygyny aýdýar.

Prezident Nazarbaýew bu ideýanyň opponentlerine garşy emosional delilleri goýýar, ýagny ýeri bizden hiç kim alyp bilmez, ol biziňkiligine galýar diýýär. Emma gazak jemgyýetçilik guramalary muňa ynanmaýarlar. Sebäbi sowetlerden soňky umumy hususylaşdyrma mahalynda hem zawodlary hiç kim bizden alyp bilmez diýipdiler. Emma zawodlar hem öz gymmatyny ýitirýän eken. Daşary ýurt kompaniýalary diýilýänler olary mazaly ulanyp, lagşan ýagdaýda taşlap gidýärler. Gazak watançylary ýeriň hem şeýle boljagyny, hytaýlylaryň ol ýerde her dürli himiki dökünleri ulanjagyny we bu dökünleriň ekologiýa ullakan zyýan ýetirjegini aýdýarlar.

Gazagystanyň Hytaýdaky öňki ilçisi Myrat Auezow bolsa Hytaýyň bir million gektar ýeri işläp bejermek üçin bu ýere müňlerçe daýhany getirjegini aýdýar. Onsoň ol hytaýlylaryň daşary ýurtlarda öz aşpezleriniň naharyny iýmek, öz lukmanlaryndan bejergi almak medeniýetini nazarda tutsaň, ol daýhanlaryň öz ýanlary bilen ýene müňlerçe adamy getirjegini ýatladýar. Gazak oppozision partiýasynyň lideri Bulat Abilow bolsa Gazagystana getirilen hytaýlylaryň çalt köpeljegini we olaryň on ýylda elli müň boljagyny, munuň uzagyndan sebite demografiki howp saljagyny öňe sürýär.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan, seniň öz hususy garaýşyňa görä, bu mesele nähili çözülmeli?

Ýeržan Karabek: Meniň şahsy ynanjyma görä, Gazagystanyň hökümeti ykdysadyýetiň talanmadyk soňky pudagyna daşary ýurt korporasiýalarynyň, haýsydar bir goňşy ýurtlaryň, nähilidir bir gurluşlaryň bähbidi nukdaýnazaryndan däl-de, dogruçyl çemeleşmeli. Sebäbi ýer islendik ýurtda iň bir agyryly meseleleriň biri bolup durýar. Şoň üçin, meniň çakyma görä, gazak hökümetiniň oba hojalygyny dikeltmek üçin serişde ýok diýýäni hakykata laýyk gelmeýär. Gazak hökümetinde pul bar. Olary gerek ýerinde dogry ulanmaly. Protestiň heniz o diýen uly güýje eýe bolmadyk aksiýalarynyň görkezişinden çen tutulsa, ýer meselesi turmagy mümkin ýangyn üçin ýakyljak otluçöp bolup biler.

Azatlyk Radiosy: Ýeržan Karabek, «Döwür we biz» programmasyna gatnaşyp, beren gürrüňiňiz üçin köp sag boluň.
XS
SM
MD
LG