Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýadaky žurnalistler umytsyz we gorkyda


Žurnalistlere edilýän hüjümler tutuş dünýäde artýarka, Orta Aziýada žurnalistligiň howply işe öwrülmegi geň zat däl.

Ýaňy-ýakynda Bişkekli iki žurnalistiň aýylganç ýagdaýda öldürilmegi adam hukuklaryny goraýan guramalary şeýle gaharlandyrdy welin, olar şol bada bu jenaýatlaryň derňelip, günäkärleriň sud çekilmegi üçin Orta Aziýa döwletlerine gysyş görkezip ugradylar.

Ýöne bular ýaly jenaýatlaryň aglabasynyň aňyrsynda ýatanyň bu hökümetleriň özleridigi indi gitdigiçe aýyl-saýyl bolýar. Onsoň adalatyň ýeňjekdigine umyt azalýar.

Öldürilen bu iki žurnalistiň biri 40 ýaşly Gennadiý Pawlýuk, beýlekisi hem 27 ýaşly Saýat Şulembaýew. Bularyň ikisi-de zabunlyk bilen Almatyda öldürildi.

Pawlýuk 16-nji dekabrda eli-aýagy baglanyp, bir jaýyň 6-njy gatyndan penjireden ýere taşlandy. Ol şondan ýeten ýaralar sebäpli alty gün soň aradan çykdy. Şulembaýew hem 26-njy dekabrda Almatyda öz kwartirasynda pyçaklanyp öldürildi.

Wadalar köp-de, bitýän iş az

Gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň býurosy beýannama çykaryp, žurnalistlere bolýan her bir hüjüm barada ýurduň kanuny goraýjy organlarynyň düýpleýin derňew geçirjekdigini aýtdy. Ýöne Orta Aziýa döwletleriniň berýän bular ýaly wadalary köp-de, bitýän iş az.

Gyrgyz oppozisiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eden Pawlýuk Bakyýewiň oppozision “Ata-Mekan” partiýasyndaky bäsdeşleriniň goldawy bilen bir internet sahypasyny ýola goýmagy planlaşdyryp ýördi. Ol öňki makalalarynda hem häkimiýetiň ýokary derejesindäki korrupsiýanyň üstüni açypdy. Şulembaýew hem özi öldürilmezden öň Pawlýugyň ölümi barada habar ýazýardy.

Gyrgyz hökümeti bu adamlaryň ölümi “hiç bir syýasy sebäp bilen baglanyşykly däl” diýip nygtasa-da, hüjümleriň soňky wagtlarda artanlygy, regionda media kanunlarynyň çäklendirilmegi gyrgyz hökümeti-de özbek, gazak we täjik hökümetleri ýaly ýurduň daşyndamy ýa içinde – tapawudy ýok, tankytçylaryň sesini sem etmek ýoluna düşdi diýen çaklamany döredýär.

Geçmişden ugur alynsa...

Gazagystan bilen Gyrgyzystan žurnalistlere bolýan hüjümler barada bilelikde derňew alyp barjakdyklaryny aýtsalar-da, geçmişdäki tejribelerden ugur alanyňda, olaryň bu işi etmek ähtimallygy onçakly ýokary däl. Sebäbi Orta Aziýa hökümetleri haýsy babatda hem bolsa, utgaşykly tagallalara meýilli däl.

Mundan daşgary hem Gazagystan bilen Gyrgyzystany bu jenaýatlar barada derňew alyp barmaga itergi berjek mümkinçilik köp däl. Sebäbi, birinjiden-ä bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bu babatda Birleşen Ştatlar ýa halkara arkalaşygynyň agzalary tarapyndan çynlakaý tankyda uçramajakdyklaryny bilýärler.

Waşington Ählumumy adam hukuklaryny, söz azatlygyny goldaýanlygyny aýtsa-da, onuň Orta Aziýadaky esasy gaýgysy – nebit-gaz şertnamasy, Owganystana kömek ýetirmek üçin bu ýurtlaryň üstünden uçarlaryň geçmegi hem-de harby-howa bazalary.

Ikinjiden, beýle bir tankyt bolaýanda-da, bu iki ýurt Günbatary goşa ölçeg ulanýanlykda aýyplap bilerler. Sebäbi goňşy ýurtlar Orsýet bilen Hytaý adam hukuklaryny häli-şindi bozýarlar. Özi-de, Gyrgyzystana ýa Gazagystana garanda has gödek bozýarlar.

J.G. Sefalo Merkezi Aziýa boýunça analitik. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG