Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemgyýetçilik hereketi we TDP duşuşdy


13-nji ýanwarda Türkmenistanyň umumymilli “Galkynyş” hereketi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilelikde maslahat geçirdiler we geçen ýylyň dowamynda eden işleriniň netijelerine garap, 2010-njy ýyl üçin esasy maksatlaryny hem ediljek işleriň ugurlaryny kesgitlediler.

Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň 13-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatyna ýurduň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, partiýanyň dürli regional bölümleriniň ýolbaşçylary, ýurduň ylmy edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň, habar beriş serişdeleriniň we medeni intelligensiýanyň wekilleri çagyryldylar. Bu hakda TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Habar berlişine görä, maslahatda “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini gowulandyrmak, olaryň aragatnaşygyny aktiwleşdirmek we giňeltmek boýunça tekliplere garaldy.

TDH gullugy umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ägirt uly syýasy-jemgyýetçlik güýçdügini we bu güýjüň türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de bütewileşmegine ýardam berýänligini belledi.

Synçylar bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanda syýasy ideologiýanyň propaganda guralydygyny we olaryň hakyky manyda jemgyýetçilik guramalarynyň makstlaryna laýyk iş alyp barmaýanlygyny aýdýarlarlar.

Galkynyş hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň täze “Galkynyş we beýik özgerişlikler eýýamynyň döredijilik syýasatynyň ideýalaryny köpçülige aktiw ýetiriji hökmünde hyzmat edýändiklerini öz nobatynda TDH gullugy hem belledi.

Maglumata görä, 13-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatda “milletiň lideri G.Berdimuhamedowyň başyny başlaýan giňişleýin reformalarynyň propagandasynyň şekilini we usullaryny täzelemek barada edilen tekliplere hem garaldy”.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işi nämeden ybarat?

Türkmenistanyň “Jemgyýetçilik bileleşikleri barada” 2003-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda kabul edilen kanunynda jemgyýetçilik guramalary barada şeýle düşündiriş berilýär: jemgyýetçilik guramalary meýletin, öz-özüni dolandyrýan, kommersiýa häsiýetli bolmadyk guramalardyr, olar bütewi maksatlaryna ýetmek üçin bütewi bähbitler esasynda birleşen raýatlaryň inisiatiwasy bilen döredilýär.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän hökümete degişli bolmadyk “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin jemgyýetçilik guramalarynyň ýurtda ýa ýurduň belli bir böleginde bolup geçýän ýagdaýlara jemgyýetiň hem häkimiýetleriň ünsüni çekmek, şeýle-de problemalary çözmek ugrunda hereket etmelidigini we öz tekliplerini öňe sürmelidigini belledi.

“Jemgyýetçilik guramalarynyň esasy maksady – häkimiýetleriň bar bolan problemalary çözmegini gazanmakdan ybarat bolmaly. Hut şonuň üçin olaryň hiç bir syýasy ýa maliýe toparyna garaşly bolmazlygy örän wajyp. Sebäbi syýasy ýa maliýe toparlar öz bähbitlerine eýerýärler, jemgyýetçilik guramalary bolsa jemgyýetiň bähbitlerini goramaly” diýip, F.Tuhbatullin aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň jemgyýetçilk guramalarynyň arasynda döwlete degişli däl guramalar hem bar diýen pikirler hem orta atylýar. Azatlyk Radiosynyň internet saýtyna gowşan maglumatlaryň birinde şeýle guramalaryň sanynyň şu günki gün 12-den ybaratdygy we olaryň elinden gelen işleri amala aşyrýanlygy aýdyldy, şeýle-de “Keyigokara”, “Bosfor ykdysatçylarynyň” birleşigi agzalyp, ýene onlarça guramalaryň resmileşdirilmegine garaşylýanlygy bellenildi.

Hökümete degişli bolmadyk guramlar we olaryň alyp barýan işleri barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat göze ilmedi.

“Galkynyş” hereketiniň düzümindäki jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri barada hem maglumatar az. Hatda jemgyýetçilik guramalarynyň we Demokratik partiýanyň 13-nji ýanwarda geçiren maslahatynda-da geçen ýylyň dowamynda edilen işleriň netijelerine garalanlygy aýdylan hem bolsa, takyk işler barada habar berilmedi.

Galkynyş hereketiniň düzümi


Türkmenistanyň “Galkynyş” hereketiniň düzümi nämeden ybarat we bu jemgyýetçilik hereketiniň syýasy partiýa, ýagny Türkmenistanda hasaba alnan ýeke-täk Demokratik partiýa nähili gatnaşygy bar?

Türkmenistanly žurnalist we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýdi: “Demokratik partiýa döredileli bäri onuň gapdalynda ikinji bir gurama bolup gelýär. “Galkynyş” hereketi 1991-nji ýylda özbaşyna döredilipdi. Soň ony kiçeltdiler we ol ýaşlar guramasy, profsoýuz guramasy ýaly jemgyýetçilik guramalaryň hemmesi girýän, döwletiň howandarlygyndaky guramalar birleşigi boldy. Onsoň ähli kararlar kabul edilende, demokratik partiýa, hamala, tutuş ýurduň ähli gatlaklaryny öz içine alýan hökmünde karalary kabul edýär. Hatda Magtymguly baýragyny bermek baradaky döwlet komiteti hem şonuň içinde” .

Synçylar jemgyýetçilik hereketleriniň jemgyýetiň we raýatlaryň bähbidini goramak ugrunda işlemegi we takyk netije gazanmagy üçin olaryň erkin bolmagynyň zerurlygyna ünsi çekýärler, emma Türkmenistanda hökümete degişli däl guramalary we syýasy partiýalary döretmäk üçin henize çenli mümkinçilikleriň ýoklugyny belleýärler.

Syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat berilmeýär


Oppozisiýa wekili, Türkmenistanyň öňki parlamentiniň deputaty Halmyrat Söýünow soňky ýyllarda edilen birnäçe synanyşyklaryň başa barmanlygyny belledi: “Türkmenistanyň Bäherden etrabynda mugallym Sazak Durdymyradow bar. Onuň bilen pikirdeş 400-den gowrak adam ählisi birleşip, gol çekip, prezidentiň kabulhanasyna hat ugradýarlar, biziň partiýamyzy registrasiýa ediň diýip. Bu edilmän otyr iki ýyl bäri. Mundan başga-da Nebitdagly Gurbandurdy Durdygulyjow ol hem partiýa döretmek boýunça dokumentlerini birnäçe gezek ugradypdy. Onuň dokumentleri hem yzyna gaýtaryldy. Ine, iki sany aýdyň mysal Türkmenistanyň öz içinde şu günki gün iki sany partiýanyň halkyň içinden döremäge isleginiň bardygyna. Emma şolar nämüçin registrasiýa edilenok?”

Halmyrat Söýünowyň orta atan bu soragyna türkmen häkimiýetleri tarapyndan şu çaka çenli jogap berilmän gelýär. Şeýle sowaly Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna, “Galkynyş” hereketine ýa beýleki döwlet edaralaryna berip bolmaýar.

Türkmenistanyň “Jemgyýetçik bileleşikleri barada kanunynda” raýatlaryň jemgyýetçilik gurmalaryny öz saýlap alşyna görä döredýänligi, olaryň şeýle guramalara, düzgünnamasyny berjaý etmek şerti bilen girmäge hukugynyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG