Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Günorta akym” boýunça ýene bir ädim ädildi


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (sagda) we türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan Moskwada, 13-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.
Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (sagda) we türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan Moskwada, 13-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň premýer-ministri W.Putin Türkiýä çekiljek esasy strategik energiýa geçirijisiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde göze ilerlik derejedäki progresiň bardygyny aýtdy.

Ol bu barada Türkiýeli kärdeşi Rejep T.Ärdoganyň Moskwa iki günlük sapary mahaly onuň bilen duşuşykdan soňra şeýle diýdi: «Biz 2010-njy ýylyň noýabr aýyna çenli bu işi başlamagy ylalaşdyk, şol möhlet ýeten badyna türk hökümeti geçirijini gurmaga bize rugsat hem ýardam berer. Şu günki gepleşiklerde premýer-ministr Ärdogan bu meseläni tassyklady».

Geçirilen metbugat konferensiýasynda Ärdogan energiýa we atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda köp taraplaýyn gepleşikleriň alnyp barlandygyny mälim edip, şeýle diýdi: «Samsun-Jeýhan nebit geçirijisi dogrusynda pikir alyşdyk, atom energiýasy hyzmatdaşlygy hakynda taýýarlyk işleri alnyp barylýar».

Moskwa “Günorta akym” arkaly gazyny Ukrainadan sowa, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrmagy maksat edinýär. Awgust aýynda Türkiýe Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna öz territoriýasynda turba geçirijisi barada barlag işini alyp barmaga rugsat beripdi.

Putin iki ýurduň gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ony partnýorlyk diýip atlandyrdy: «Energiýa, telekommunikasiýa, senagat ýaly pudaklarda bilelikde alyp barýan uly proýektlerimiz bar. Biziň hyzmatdaşlygymyz häzir dürli ugurlarda dowam edýär».

Ärdogan bolsa iki ýurduň arasynda wizasyz gatnaşygy açmak ugrunda taýýarlyk işiniň alnyp barylýandygyny mälim edip, şeýle diýdi: «Men jenap Medwedewe we jenap Putina wizalaryň iki taraplaýyn ýatyrylmagyny teklip etdim, teklibimize ikisi-de oňyn garadylar we bu meselede taýýarlyk işiniň başlanylmalydygyny mälim etdiler».

Ärdogan şeýle-de prezident Medwedewi maý ýa-da iýun aýynda Türkiýä sapar etmäge çagyrdy.

“Nabukko” proýektiniň ykbaly

Günbataryň goldaw berip gelýän “Nabukko” proýektine Orsýetiň "Günorta akymynyň" bäsdeş bolup biljegi aýdylýar. “Nabukko” proýekti esasynda Ýewropanyň rus gazyna garaşlylygynyň azaldylmagy we Hazar deňzi sebitiniň gazynyň Orsýetden sowa Ýewropa akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

“Nabukko” proýektinde esasy rol oýnaýan Türkiýe bu iki proýekt biri-birini kämilleşdirer diýýär. Ýöne bu iki geçiriji üçin ýeterlik mukdarda gazyň bolup-bolmajagy anyk däl.

Orsýetiň “Gazprom” we Italiýanyň “ENI” kompaniýalary tarapyndan öňe sürülýän Günorta akym proýekti esasynda Orsýet, Bolgariýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gaz akdyrmagy maksat edinýär we onuň gurluşygyny 2015-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Türkiýe-Orsýet söwda gatnaşygyna-da degip geçen Putin şeýle diýdi: «Gynansak-da, global derejedäki maliýe krizisi biziň ykdysady gatnaşyklarymyza-da täsirini ýetirdi, söwda dolanşygymyz takmyn 35 milliard dollara ýetipdi, ýöne soňra ol 40% çemesi peseldi, muňa garamazdan, ABŞ we Britaniýany yzda goýup, Türkiýe Orsýetiň uly söwda partnýory boldy».

Iki döwletiň energiýa ministrleri Orsýetiň Türkiýä atom stansiýasyny gurup bermek baradaky ylalaşygyna-da gol çekdiler.
XS
SM
MD
LG