Sepleriň elýeterliligi

Bomba partlamasynda heläk bolan eýranly alym jaýlandy


Sişenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda amala aşyrylan bomba partlamasynda heläk bolan fizika boýunça eýranly professor şu gün jaýlandy.

Tähran uniwersitetiniň fizika ylymlary boýunça professory bolan Massod Mohammedi öýüniň öňüne ýerleşdirilen bombanyň partlamagy zerarly sişenbe güni Tähranda wepat bolupdy.

Onuň ölümi bilen bagly wakanyň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar boýun almady. Emma eýranly resmiler bu hüjümiň aňyrsynda Ysraýyl bilen Amerikanyň rolunyň bardygyny aýdýarlar.

Waşington bu aýyplamany ret etdi.Tährandan gowuşýan maglumatlarda aýdylşyna görä, Mohammediniň jynaza namazyna 1000-dan gowrak adam gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG