Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan ÝHHG-niň sammitini geçirmek barada alada edýär


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň 2010-njy ýyl boýunça ýolbaşçysy we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bu toparyň gowşanlygyny aýdyp, bu problemalaryň hötdesinden gelmek üçin guramanyň sammitiniň geçirilmeginiň zerurdygyny mälim etdi.

Ol ady agzalýan guramanyň Wenada ýerleşýän hemişelik geňeşiniň ýygnagynda wideo arkaly eden çykyşynda, bu toparyň Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky bölünişigi aradan aýyrmaklygynyň hem gerekdigini aýtdy.

“20 ýyldan bäri global demokratik ýurtlaryň sanawyna girmäge edýän synanyşygymyza garamazdan, öňki sowet respublikalary barada ÝHHG-e agza käbir ýurtlaryň kellelerinde öňki düşünjeler henizem saklanmagyny dowam etdirýär. Bu mesele boýunça Gazagystan YHHG-niň agzalarynyň özüne bildiren ynamyna aýratyn ähmiýet berýär” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Gazagystan Merkezi Aziýada ýerleşýän we ÝHHG guramasyna ýolbaşçylyk edýän ilkinji ýurtdyr. Emma Gazagystanyň adam hukuklary meselesi boýunça abyraýy sebäpli bu kararyň gaty jedellidigini aýdýanlar hem bar.
XS
SM
MD
LG