Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şäher hem oba mallary


«Mal—maldyr-da. Ony şäher maly, oba maly» diýip, ikä bölmek nämä gerek?» diýip oýlanjaklaryň-da bolmagy mümkin.

Başga ýurtlar-a biljek däl. Ýöne Türkmenistanyň obalary bilen şäherlerindäki mallaryň idedilişi başgaça.

Oba mallary ähli ýerlerde-de bolşy ýaly, esasan ot bilen bakylýar. Mellekde gögerýän otlar, meýdan otlary, ýorunja, jöwen, mellekdäki satlyga ýaramsyz kelem-käşirler, hyýar-pomidorlar, gawun-garpyzlar… garaz, oba maly üçin hörek köp. Hiç bolmanda olar örä çykarylap, meýdanda bakylýar. Gyşyna pagtanyň ýenjilen çigitleri (şulha) hem oba mallaryna berilýär.

Mydama ot iýip ýörensoň, oba mallarynyň eti-de ýeňil, siňňitli bolýar. Ýarawsyz kişileriň köpüsi goýun etini agyr görüp, iýmeýärler. Ýöne obada bakylýan goýunlar gan basyşy ýokary adamlara-da, süýji kesellilere-de, goýun etini iýip bilmeýän, beýleki ýarawsyz adamlara-da zyýanly täsir etmeýär. Obada bakylan goýnuň eti-de örän ýeňil bolýar. Hut guş eti ýaly siňňitli.

Çaga-çuganyň agzyndan galan bolaýmasa, oba adamlary malyna aňsat-aňsat galan nahar ýa-da çörek bermeýärler.

Şäher mallarynyň welin bar höregi saman, çörek, galan nahar.

"Mallaryň çöregi"

Moskwanyň naharhanalaryna barsaň, gara çöregiň iň bir ýokumly çörek hökmünde naharyň ýany bilen äberilýänini şu günlerem ol şähere myhman bolup gören her bir adam bilýän bolsa gerek. Türkmenistanda welin, gara çörek mallara berilýär. Hatda, iň gülküli ýerem, dükanyň satyjysy-da, alyjylar-da gara çöregi diňe mallara berilýän çörek diýip düşünmäge endik edipdirler. Köp kişi dükana girip: «Mallaryň çöregi geldim-aý?» diýip, satyjydan soraýar. Satyjy şeýle sowala: «O nämäniň mal çöregi? Çöregem mala bererlermi?» diýen sowaly beräýenok. Ol ýa-ha: «Entäk gelenok» diýýär, ýa-da: «Geldi» diýip jogap berýär-de, alyjynyň soran gara çöregini çykaryp berýär. Maly köpräkler gara çörekden haltalap alýarlar.

Türkmenler bir töwra millet. 1996-njy ýylda, ýurtda çörek gytçylygy döräp, bütin ýurt kartoçka sistemasyna geçen wagtynda hem olar gara çöregi malyna berip geldiler. Gara çöregi tapmadyk wagty olar mala ak çöregem berip goýberýärler. Näme etjek! Iým gymmat. Ýygyp geläýmäge şäherde ot ýok. Maly-da aç goýmaly däl.

Her ýyl ýurduň köp ekin meýdanlaryna bugdaý ekilýär, bugdaý ýetişdirilýär, galla orulýar. Bazarlarda, dükanlarda un, çörekleriň her hili görnüşleri bol. Gazagystangdan getirilip satylýan unlar-da ýetik. Şondanmy, ýa-da türkmen gallaçylarynyň hasylymy, bilmedim, aýratyn-da iki-üç ýyl bäri un has bolady. Haçan, näçe satyn aljagam bolsaň, hökümet dükanlarynda-da, bazarlarda-da halta-halta unlar basylgy dur. Ýurtda çörek gytçylygy ýok. Toýlarda-sadakalarda iýilmän galyp, zaýa edilýän çörekleriň bäri-aňyrsy ýok. Türkmenleriň sygra, goýna, towuga berýän gara çöregem bol. Gara çöregiň biriniň bahasy täze puldan 20 teňňe. Puluny gysganmadyk arkaýyn alybermeli.

Mal bakar ýaly öri meýdan bolmansoň, şäherliler mallaryny gazykda bakýarlar. Olara saman bilen gara çörekden başga-da naharhanalardyr restoranlardan, çagalar baglaryndan, mekdeplerden iýilmän galýan naharlary-da alyp berýärler. Ol naharlarda bolsa mallaryň etleriniň galyndysy bar. Şol galyndyly etleri iýen şäher mallary bolsa ylmy dilde kannibal bolýarlar.

Oty kän iýmän, mydama çörek, nahar iýip ýörendenmi-nämemi, şäherde bakylan malyň etem oba malynyňky ýaly siňňitli bolanok, agyr bolýar. Käbiri yslyragam bolýar.

Girdeji çeşmesi

Şäherlilere mal saklamak gymmat düşýär. Her mala günde azyndan üç çörek berilýär (irden, günortan, agşam). Onuň üçin saman satyn alynýar. Bir maly mal etmek üçin üç ýyl bakmaly. Üç ýyldan soň satylan wagty ýa-da soýlanda maldan (iri mal) bäş million manat alyp bolsa (täze puldan müň) mal eýesi begenýär. Şol bäş milliony malyň üç ýylda iýen samany bilen çöreginiň puly diýip hasaplasaň, sygryň süýdünden galýan puljagaz hem gölesi maşgala eklenji üçin girdeji bolýar (bir litr süýdüň bahasy täze puldan bir manat segsen teňňe). Iş tapmaýan maşgalalar üçin şu zatlar hem eklenç çeşmejigi bolup durýar.

Oba mallary üçin köp zat satyn alynmaýar. Olar mellekdäki hem meýdan otlary bilen eklenensoň, maşgala üçin girdeji bolup durýarlar. Obada bir göleli sygryň bahasy köne puldan alty million manat. Bir göläni göleli sygyr derejesine eltýänçäň azyndan üç ýyl gerek. Şeýle bolansoň, adamlaryň köpüsi ol girdejini gaty ujypsyz görüp, şähere bosýarlar. «Iş tapyp bolsa, şäherde her aýda bir million manat alnanda-da mal idedenden amatly bolýar» diýip, köp obalylar maldan gelýän girdejini az görýärler. Ýöne ähli ýerde bolşy ýaly, obalarda-da işewür adamlar-da bar. Olar kä kişi ýaly ýeke sygryň ýa-da iki sany goýnuň yzyna düşüp ýörmän, ýigrimi-otuz sygry, ýüz-üç ýüz goýny idedip, köp girdeji almagy başarýarlar.

Türkmenistanda mal meselesinde çökder salgyt ýok.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG