Sepleriň elýeterliligi

Talyplaryň lideri hüjümde aman galdy


Düýn Pakistanyň resmileri Owganystan bilen serhet ýakada Amerikan güýçleriniň geçiren raketa hüjüminde Pakistandaky talyp söweşijileriniň lideri Hekimullah Mehsudyň aman galandygyny habar berdiler.

Ýöne wakada 12 sany söweşijiniň ölendigi aýdylýar.

Maglumata görä, bu raketa hüjümi talyp söweşijileriniň meýdan komandirleriniň ýygnanyşan ýeri nyşana alnyp, amala aşyrylypdyr.

Pakistandaky talyplaryň lideri Hekimullah Mehsud Al-Kaýda bilen baglanyşykly hasaplanylýan «Tehrike Taliban» atly ekstremistik topara ýolbaşçylyk edýär. Bu topar soňky birnäçe aýyň dowamynda Pakistanyň territoriýasynda amala aşyrylan köpsanly bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG