Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň wekili bilen duşuşdy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Birleşen Milletler guramasynyň Owganystandaky ýörite wekili Kaýa Eýdäni kabul etdi.

Bu duşuşykda BMG-niň ýokary derejeli wekili Türkmenistanyň Owganystandaky parahatçylygy ýola goýmak we ýurdy sosial-ykdysady taýdan dikeltmek prosessine goşýan goşantlary barada öwgüli sözleri aýtdy.

«Türkmenistan Altyň asyr» internet saýtynyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kaýa Eýde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine degişli gepleşikleri mundan beýläk-de dowam etdirmekligiň möhümligini belläpdirler.
XS
SM
MD
LG