Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Gürjüstanda terrorçylara tälim berilýändigini aýdýar


Düýn Orsýetiň häkimiýetleri Çeçenistanda we käbir beýleki günorta regionlarda terror hüjümlerini amala aşyrmak üçin Gürjüstanyň territoriýasynda yslamçy söweşijilere ýörite tälim berilýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdiler.

Mundan öň Orsýetiň resmileri terrorçylaryň beýleki daşary ýurtlarda tälim alyp gelýändiklerini öňe sürýärdiler.

Ýöne düýn «RIA Nowosti» habar agentligine beren interwýusynda Orsýetiň içeri işler ministriniň orunbasary Arkadiý Edelew bu ýaragly söweşijileriň Gürjüstandaky lagerlerde tälim alýandyklaryny öňe sürdi. Ýöne ol bu işde Gürjüstanyň resmi häkimiýetleriniň elleriniň bardygy ýa ýokdugy barada welin, anyk gürrüň etmedi.
XS
SM
MD
LG