Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk delegasiýasy Türkmenistanda


Düýn Türkiýäniň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Newzat Pakdiliň ýolbaşçylygyndaky ýörite delegasiýa Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.

Düýn günüň dowamynda Türkiýäniň delegasiýa agzalary Türkmenistanyň parlamentinde kabul edildiler. Ol ýerde Türkmenistanyň we Türkiýäniň resmileri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkiýäniň delegasiýa agzalarynyň Mary we Baýramaly şäherlerine-de baryp, ol ýerde türkmen-türk mekdeplerine, şeýle hem, Mary welaýatyndaky gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerine-de sapar etjekdiklerini habar berýär.
XS
SM
MD
LG