Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Eýran baradaky gepleşiklere pes derejeli wekil iberýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Hytaýyň Eýranyň ýadro programmasy barada boljak gepleşiklere pes derejeli resmisini iberýändigini aýdýar.

Şenbe güni Nýu-Ýorkda britaniýaly, hytaýly, fransiýaly, orsýetli we amerikaly resmiler Eýrana onuň ýadro işjeňlikleri sebäpli täze sanksiýa girizmek ähtimallygy barada maslahat ederler.

Diplomatlar özleriniň Hytaýyň niýetini bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Olaryň käbiri munuň Hytaýyň Eýrany jezalandyrmak islemeýänliginiň alamaty bolmagynyň mümkindigini öňu sürýär.
XS
SM
MD
LG