Sepleriň elýeterliligi

Talyban lideriniň raketa zarbasyndan aman sypandygy aýdylýar


Pakistan resmileri we jeňçiler Pakistanyň talyban lideriniň amerikan raketa zarbasyndan aman gutulandygyny aýdýarlar.

Bu zarba onuň owgan serhetine golaý bir ýerde jeňçi komandirler bilen duşuşyk geçirýän wagty urlupdyr.

Pakistanyň demirgazyk Wezirstan sebitinde bolan hüjümde 12 jeňçi öldürilendir öýdülýär.

Hikmatulla Mesudyň ölümi hem Waşington, hem Yslamabat üçin yslamçy jeňçilere garşy göreşde uly ýeňiş boljakdy.
XS
SM
MD
LG